Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Gadymy kerwen ýollarynyň çatrygynda – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşen Türkmenistan gadymy döwürlerden bäri ykdysadyýetiň we söwda gatnaşyklarynyň ösen sebitleriniň biri hökmünde tanalyp, keremli topragymyzdan dünýäniň çar künjüne gymmat bahaly harytlar bilen ýüklenen kerwenler gatnapdyr. Merw, Köneürgenç, Amul, Nusaý, Sarahs, Abywert we beýleki ösen şäherlerde alys ýollardan gelip, ýük ýazdyrýan söwdagärler üçin kerwensaraýlar gurlup, ýolagçylar üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Ata-babalarymyzyň mukaddes däplerini ýol-ýörelge edinip, dünýäniň ähli halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýan Bitarap Watanymyz bu günki gün hem Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen Beýik Ýüpek ýoluna täzeden jan berip, dünýäniň ösen logistika merkezleriniň birine öwrülýär. Ýurdumyzda gara we polat ýollarynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar, howa hem-de deňiz we derýa ulaglary bilen ýolagçylaryňdyr ýükleriň daşalyşyny ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.

Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilýän “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 – 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we ösüşiň senagat innowasiýa ugruna yzygiderli geçmek arkaly durnukly we deňagramly ösüşi gazanmak maksat edinilýär. Bu maksatnamanyň düzüm bölegi bolan „Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa toplumynyň pudaklaryny ösdürmegiň 2019 – 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy“ ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine degişli möhüm we ileri tutulýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine, öňdebaryjy tehnologiýalaryň  ornaşdyrylmagyna, pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine, ilatymyza hödürlenýän dürli görnüşli harytlaryň we hyzmatlaryň ýokary hiliniň hem-de ýaşaýşyň ýokary derejesiniň üpjün edilmegine gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň senagat we kommunikasiýa pudagyny toplumlaýyn ösdürmek we dolandyrmak maksady bilen, bu pudakda uly özgertmeler amala aşyryldy. Türkmenistanyň “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi milli ykdysadyýetiň esaslaryny emele getirýän wajyp pudaklaryň birine öwrüldi. “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylan 2018-nji ýylda gurlup, ulanyşa berlen Türmenbaşy Halkara deňiz porty ýurdumyzyň ulag üpjünçilik ulgamynda iri merkezleriň biri bolup, ol ýewropa ýurtlarynyň Ýakyn we Orta Gündogaryň haryt bazarlaryna hem-de Hindi ummanynyň basseýnindäki döwletlere çykmagy üçin örän amatly mümkinçilikleri döredýär.

Gojaman Hazaryň kenarynda ýerleşýän sebitde deňi-taýy bolmadyk ägirt desgada ýükleri daşamak we saklamak üçin ähli şertler göz öňünde tutulyp, ol gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyny, ýolagçy-parom we konteýner terminallaryny, umumy, polipropilen we ürgün ýükler terminallaryny öz içine alýar. Täze gurlan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň ulanmaga berilmegi bilen täze gämileri gurmak, şeýle hem dürli görnüşdäki gämilerde abatlaýyş işlerini geçirmek ýola goýlup, dürli ölçeglerdäki häzirki zaman gämileriniň gurulmagy netijesinde milli hünärmenlerimize gämileri gurmakda we abatlamakda öz tejribelerini artdyrmaga we ýurdumyzyň agyr senagaty pudaklarynyň biri bolan gämi gurluşyk pudagyny emele getirmäge giň mümkinçilikler bolar.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň konteýner terminaly ýylda 400 müň konteýneri geçirmäge ukyply bolan ähli zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp, portuň oňaýly strategik ýerleşmegi netijesinde bu terminal harytlary Hytaýyň iri önümçilik meýdançalaryndan Ýewropa daşamak üçin iň amatly we gysga ugurlaryň biri bolup durýar. Portuň ürgün ýükler terminaly bugdaý, arpa, däne, duz, sement, çäge, çagyl, karbamid, koks we beýleki ürgün ýükleri ýylda 3 million tonna çenli ýükläp-düşürmäge ukyply bolmak bilen, bu terminalyň, esasan, demir ýol wagonlarynda ýurdumyzyň himiýa, nebitgaz senagaty pudaklarynyň önümlerini eksporta çykarmakda ähmiýeti uludyr.

Umumy ýükler terminaly portuň düzüminde iň uly terminal bolup, onuň deňiz duralgasyna birbada 4 gämini ýanamaga mümkinçilik bar. Ýük geçirijilik ukyby ýylda 4 million tonna umumy ýükler bolan bu terminalda uly gabaraly we agyr agramly ýükler üçin ýük göterijiligi 600 tonna deň bolan ýörite kranlaryň ikisi ýerleşdirildi. Şeýle hem bu terminalda gurlan ýörite sowadyjy ammarda halkara daşamalary baradaky konwensiýasynyň çalt zaýalanýan önümlerini daşamak baradaky talaplary doly ýerine ýetirmek mümkinçiligi bar.

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Ýewropadan Aziýa, Aziýadan Ýewropa ýük daşalýan ýollaryň çatrygynda ýerleşip, Merkezi Aziýanyň deňiz derwezesi bolup hyzmat edýär. Soňky ýyllarda Ýewropa – Kawkaz – Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRASEKA) ösmegi bilen, ýurdumyzyň deňiz ulaglarynyň ýük daşamak mümkinçiligi we özüne çekijiligi has-da ýokarlandy. Şoňa görä-de portuň mümkinçiliklerini mundan beýläk-de artdyrmak we ösdürmek maksady bilen, birnäçe iri taslamalary amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Şolaryň hatarynda portuň gämi gatnaw ýollaryny giňeltmek, “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gämileri bilen Hazar deňzinde ýerleşýän portlaryň arasynda ýük daşamagyň möçberini has-da artdyryp, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak, dürli görnüşli täze gämileri gurmak, deňizde heläkçilik-halas ediş gullugy üçin gämileri gurmak we enjamlary satyn almak, ýurdumyzdan eksport edilýän nebit önümleriniň möçberlerini artdyrmak hem-de nebit önümlerini, gury ýükleri ýüklemek işlerinde howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen gämi duralgalarynyň durkuny täzelemek we täze gämi duralgalaryny gurmak, deňiz we derýa ulaglary pudagynda hünärmenleri taýýarlamak, pudagyň usulyýet binýadyny we tehniki serişdeler ulgamyny kämilleşdirmek, suw ulaglary işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak  meýilleşdirilýär.

„Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa toplumynyň pudaklaryny ösdürmegiň 2019 – 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda“ deňiz portunyň desgalaryny gurmakdan başga-da, taslamada onuň hereket edýän üpjünçilik ulgamlarynyň durkuny täzelemek bilen bir hatarda, deňiz boýunça ýükleri daşamagyň we ýolagçylary gatnatmagyň möçberlerini artdyrmagy çeýe nyrh syýasaty we hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak maksat edinilýär. Bu maksatlary amal etmekde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň hem ähmiýeti uludyr. Görşümiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen gurlup, ulanyşa berlen Türkmenbaşy halkara deňiz porty diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş sebitiň logistika ulgamynyň kämilleşmegine we söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýygjamlaşmagyna, şeýle hem ilatyň iş bilen üpjün edilmegine we milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de ösmegine uly goşant goşjak umumymilli ähmiýetli taslamadyr.      Ýurdumyzy sanly ulgama geçirmek boýunça milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli düzümi döretmek we tehniki taýdan üpjün etmek boýunça maksatnamalara badalga berildi we Türkmenbaşy Halkara Deňiz portunda birnäçe işler ýerine ýetirildi muňa mysal edip THDP-de Terminallaryny dolandyryş ulgamy (TOS) programmasy gurnalyp, ol programma goňşy ýurtlaryň portlary bilen integrirlenen aragatnaşygy ýola goýmak  we porta gelýän ýükleriň ýükleme hem-de düşürme işlerini awtomatlaşdyrmak üçin niýetlenen.

Bize şeýle ajaýyp zamanda döredijilikli zähmet çekmäge we mynasyp ýaşamaga şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

Saparow Hudaýberdi

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Sanly ulgamlar we argatnaşyk bölüminiň kompýuter ulgamlaryna hyzmat etmek boýunça hünärmeni