Официальный веб-сайт
Bagtdan paýly- zähmetden serpaýly

  Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň dabaraly, ýokary derejede bellenilýän günlerinde mähriban Arkadagymyzyň saýasynda Watanymyzyň dürli ulgamlarynda göreldeli zähmet çekýän raýatlarymyzyň Arkadag Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolmaklary toýlary toýa ulaşýan bagtyýar ilimiziň buýsanjyny has-da artdyrdy.

Paýtagtymyzda Halk maslahatynyň mejlisiniň dabarly ýagdaýda geçmegi, dürli ulgamlarda zähmet çekýän raýatlarymyzyň Arkadagymyzyň Şa serpaýyna eýe bolmagy, ýurdumyzda her bir raýatymyzyň päk zähmetine goýulýan sarpanyň beýany bolyp dabaralandy.

Gadymy ata-babalarymyz halal zähmet çekmek, päk zähmetiň rehnetini görüp ýaşamak ýaly edim-gylyklarymyz arkaly nesil terbiýeläpdirler.

Howa, arassa, halal çekilen zähmet   her bir  ojaga şatlyk, bagt, rysgal, bereket getirýär. Ýakynda Garaşsyzlygymyzyň toýlanýan günlerinde birnäçe ildeşlerimiziň Arkadag Prezidentimiziň Şa serpaýyna, hormatly atlara mynasyp bolmagy ençeme maşgala şatlyk, bagt getirdi. Baýramçylyk günlerinde maşgala ojagynda halkymyzyň toý şatlygyny goşalandyrdy.

Şeýle bagtdan paýly kärdeşlerimiziň biri hem “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň “Deňiz söwda flotynyň” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň “Magtymguly” gämisiniň kapitanynyň 2-nji kömekçisi Ýusup Myrat Ilmyradowdyr. Oňa Arkadagymyzyň Şa serpaýyna, “Watana bolan söýgüsi” medalyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi.

Ýusup Myrat Ilmyradow 1969-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde dogulýar. Ol Türkmenbaşy şäherindäki 2-nji orta mekdebini 1985-nji ýylda tamamlap, 1988-1990-njy ýyllarda Watan öňündäki mukaddes borjuny ýerine ýetirýär. Gullukdan soň, dogduk şäherindäki 1-nji hünärment mekdebiniň gämi sürüji hünäri boýunça okuwyny tamamlaýar.

Ýusup Myrat Ilmyradow deňziň kenarynda önüp –ösen soň,  mawy deňizde ýüzýän  gämiler onuň ünsüni özüne çekipdir. Ol her günde deňziň kenaryna baryp, gelýän gämileri syn edip, hyýally arzuwlary bilen özüni gämi sürüp barýan pursadynda göz öňüne getiripdir.Caga kalbynda möwç alan şol arzuwlary ony gämi ugrundan işlemäge bolan höwesine ýetiripdir.

Ýusup Myrat Ilmyradow ilkinji zähmet ýoluna deňizçilik ugrundan 1993-ýylda Türkmen deňiz parahodçylygynyň Deňizde awariýa halas ediş gullugynyň  “Krab” gämisiniň motorçy-matrosynyň şägirdi kärinden  başlapdyr. Çagalygyndan ganat beslän arzuwlaryna ýeten Ýusup Myrat “MKU-1”, ”Magtymguly”, “Jebel”, ”Balkan”,“Alaja”, ”Ekerem”,”Awaza” ýaly gämilerde motorçy-elektrigi, losmany, matrosy, motorçy-matrosy, kapitanyň 3-nji kömekçisi ýaly dürli wezipelerde  işläp, öz iş tejribesini has-da baýlaşdyrypdyr.

 2010-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň “Deňiz söwda flotynyň’ döredilmegi bilen ol “Magtymguly” gämisiniň. kapitanynyň 3-nji kömekçisi, 2016-njy ýyldan häzirki wagta çenli “Deňiz söwda flotynyň” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň “Magtymguly” gämisiniň 2-nji kömekçisi wezipelerinde işläp gelýär. Ýusup Myrat 2010-njy ýyldan bäri Eýran, Azerbaýjan, Russiýa,  Horwatiýa , Italiýa ýaly ýurtlara gämiler bilen ýük äkidip getirmekde birnäçe ýüzüşleri amala aşyryp gelýär. Özüniň ömrüniň  28 ýyllyny  bu käre bagş edip gelýän Ýusup Myrat Ilmyradow bilen gürrüňdeş bolanymyzda oňa:

-Siz başga ýurtlara baryp ýene öz ýurduňyza dolanyp geleniňizde nähili pursady başdan geçirýärsiňiz? diýen soraga şeýle jogap berdi:

-Elbetde, biz türkmen oglanlary bolup haýsy ýurda gidenimizde begenip gidýäs, ýöne yzymyza dolananyp öz araçägimize geçenimizde eýýäm, öz deňzimiziň howasy, şemaly başgaça gelýär. Şonda uludan dem alyp, öz Watanyň ýaly mukaddesligiň  ýerini hiç zadyň tutmajakdygyna göz ýetirýäris.Şeýle hem ençeme ýüzüşlerimizde  Türkmenistanyň ýaşyl Tugyny başga döwletlerde,  gämilerimizde  pasyrdanda özümizi has-da bagtly saýýarys.

-”Päk zähmet hemişe-de bagta ýetirýär” diýileni. Şu gün meniň durmuşymda hiç haçan ýatdan çykmajak günleriň, ýyllaryň biri boldy. Watanymyzyň 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde Arkadagymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolmak bagty maňa-da miýesser etdi. Elbetde, Arkadagymyzyň biziň çekýän zähmetimize ýokary baha bermegi diňe meni däl, sylaga mynasyp bolan ähli ildeşlerimizi tolgundyrdy. Munuň üçin bagtyýar halkymyzyň Arkadagymyza ýürekden çykýan alkyşlary çäksizdir. Çünki zähmetimiziň sarpalanýan döwründe çeken yhlasymyzyň bol hasylynyň datly miwesiniň hözürini görmek bagtyna ýetirýän Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! - diýip deňizçiniň Milli Liderimize  ýürekden çykýan alkyşlaryny, buýsançly sözlerini eşitmek has-da ýakymly.

Hakykatdan-da, Arkadagly Diýarymyzda halkymyz “Bagtdan paýly, zähmetden serpaýly” zamanada ýaşaýandyklary  üçin her bir türkmen buýsanmaga haklydyr.

Gurbanbagt Hajymämmedowa

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Işgärler we ýörite işler bölüminiň baş hünärmeni