Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiz ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde we durmuşyň beýleki ugurlarynda uly üstünlikleri gazanýar. Häzirki wagtda milli Liderimiziň ýurdumyzy ösdürmekde alyp barýan syýasatyny, tabşyryklaryny üstünlikli durmuşa geçirmek her bir pudagyň, şol sanda Türkmenistanyň ulag pudagynyň hem wajyp wezipeleriniň biridir. 2018-nji ýylyň 9-njy iýunynda “Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esaslary hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň kabul edilmegi hem ulag babatynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Ulag ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işler adam hakyndaky aladanyň, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň Türkmenistanyň Prezidentiniň amala aşyrýan durmuş ugurly syýasatynyň möhüm ugrudygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Häzir bu ugurlar döwlet Baştutanynyň logistika straregiýasynda örän aýdyň ýüze çykýar. Ýurdumyzda demir ýol, awtomobil, howa we deňiz ulaglaryny peýdalanmak bilen amatly we howpsyz halkara geçelgeler döredilýär. Munuň özi sebitde durnukly ösüşi, halklaryň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň giňelmegini, hyzmatdaşlygyň berkemegini, söwda dolanşygynyň mukdarynyň artmagyny üpjün edýär.
Dünýä halklarynyň arasynda “Nirede deňiz bar bolsa, şol ýerde söwda-täjirçilik ösendir” diýlen jümle müň ýyllyklardan bäri ýörgünlidir. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Ýewropadan Aziýa, Aziýadan Ýewropa ýük daşalýan ýollaryň çatrygynda ýerleşip, Merkezi Aziýanyň “Deňiz derwezesi” bolup durýandygy üçin, sebitde iň bir amatly logistika merkezleriniň biri hökmünde ösýär we kämilleşýär. Şol sebäpli hem soňky ýyllarda Ýewropa-Kawkaz-Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) ösmegi bilen, ýurdumyzyň deňiz ulaglarynyň ýük daşamak mümkinçiligi we özüne çekijiligi has-da ýokarlandy. Deňiz ulaglary iň ygtybarly, tygşytly hem-de amatly ulaglardyr. Dünýä boýunça ýük dolanşygynyň ýarysyndan gowragy deňiz ulaglarynyň paýyna düşýär. Şonuň üçin hem, dünýäde deňiz ulaglaryna aýratyn uly üns berilýär.
Türkmenistanyň amatly geografik ýerleşmegi netijesinde, üstaşyr ýükleri daşamakda hem-de halkara söwdasynda uly orunlaryň birini eýeländigi gadymy döwürlerden bäri mälimdir. Gadymy “Ýüpek ýolunyň” Türkmenistanyň birnäçe şäheriniň üstünden geçmegi hem munuň aýdyň şaýadydyr. Şeýle hem, goňşy hazarýaka döwletleriň port üpjünçilik ulgamlarynyň we deňizde ýük daşamalarynyň çalt depginde ösýändigi, portlaryň ýük dolanşygynyň we bäsleşiginiň ösýändigi üçin, Türkmenistanda hem deňiz ulag pudagyny mundan beýläk-de ösdürmekde degişli çäreleriň we taslamalaryň amala aşyrylmagy maksadalaýykdyr we örän möhümdir. Bu taslamalar Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini netijeli ulanmagyň, ýurdumyzyň häzirki zaman ulag ulgamyny döretmegiň, Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän amatly sebit we sebitara ulag ugurlaryny emele getirmegiň hem-de bar bolan mümkinçilikleri netijeli ulanmagyň ýola goýulmagynda möhüm ädimlerdir.
Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny Merkezi Aziýada söwda merkezine öwürmek üçin, netijeli meýýilleşdirilen we işleýän logistika merkezini döretmek örän zerurdyr. Häzirki wagtda dünýäniň ähli ýerlerinde konteýner ýük daşamalaryna uly üns berilýär. Konteýnerlerde ýükleri daşamak ýüklemek-düşürmek işlerini ýeňilleşdirýär we dürli ýük daşamalarynyň görnüşleri: demir ýol, awtoulag, deňiz ulagy bilen aragatnaşygy aňsatlaşdyrýar. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda konteýner menziliniň döredilmegi Hazar sebitinde konteýner ýük daşamalarynda wajyp orny eýeläp, üstaşyr ýükleriň köpelmegine täsir eder. Bu bolsa deňiz, awtoulag we demir ýol (multimodal) ýük dolanşygynyň ösmegine itergi bermek bilen, Merkezi Aziýada iri ýük geçiriji merkez hökmünde Türkmenistanyň deňiz ulagy pudagyna üstünlik getirer.
Hazarýaka döwletleriniň, şeýle hem Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy ýyl-ýyldan artýar. Hazar deňziniň üstünden konteýner ýüklerini daşamakda, Türkmenbaşy-Baku gämi gatnawy iň gysga we çalt gatnawlarynyň biri bolup, geljekde Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň üstünden ýükleriň geçişi has-da artar. Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň geografik ýerleşişiniň amatlylygy sebäpli, üstaşyr konteýner ýükleriniň akymy köpelýär.
Milli deňiz flotumyz Hazar deňzinde ýük daşamakda ýokary bäsdeşlige ukyply bolup, halkara söwdasynda uly orun eýeleýär we ýurdumyzyň abraýyny mundan beýläk-de artdyrýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda 2010-njy ýylda Türkmen deňiz söwda flotunyň döredilmegi bilen, flotuň gämileri halkara gatnawlaryny amala aşyryp başladylar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen milli flotumyza täze tanker gämileri satyn alyndy. Bu gämiler ulanmaga berlenden soňra ýurdumyzda önderilen nebit we nebit önümlerini Hazarýaka portlaryna daşamakda hyzmatlaryny amala aşyryp başladylar. Milli deňiz söwda flotunyň döredilmegi deňiz ulagy pudagynyň ykdysady ösüşinde ähmiýetli orunlary eýeläp, onuň ösüş depgini has ýokarlandy.
Tanker flotunyň ösdürilmegi ýurdumyzda öndürilýän nebit we nebit önümlerini öz gämilerimiz bilen daşamaga mümkinçilik berip, milli önümlerimiziň deňiz ulaglary bilen daşalmagynda, daşary ýurt ulaglaryna garaşsyzlygy we ýurdumyzdan eksport edilýän önümleriň köpugurlylygyny üpjün edýär, şeýle hem gyzyl pulda alynýan girdeýjileriň artmagyna ýardam berýär.
Gyzylgül Gurbanowa
TIT we UKI-nyň “Suw ulagynyň ulanylyşy” Kafedrasynyň mugallymy