Yslam Ösüş bankynyň taslamasynyň çäklerinde maliýe audit hyzmatlaryny ýerine ýetirmek barada şertnama baglaşyldy

2022-nji ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Yslam Ösüş Bankynyň arasynda gämi gurluşygyny maliýeleşdirmek barada gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda, Bankyň TKM-1012 belgili “Türkmenistanyň Deňiz ulagyny ösdürmek taslamasynyň” çäklerinde 2023-nji ýylyň 19-njy iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi bilen “Baş Taglym Türkmen” Hojalyk jemgyýetiniň arasynda maliýe audit hyzmatlary ýerine ýetirmek barada şertnama baglaşyldy.

Baglaşylan şertnama laýyklykda, Bankyň “Türkmenistanyň Deňiz ulagyny ösdürmek taslamasynyň” durmuşa geçirilmeginde maliýe hasabatlylygy taýýarlamak hyzmatlary, maliýe audit hyzmatlary we şunuň bilen bagly bolan maslahat beriş hyzmatlary amala aşyrylar.