“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri Ulag boýunça türkmen-päkistan bilelikdäki iş toparynyň nobatdaky 3-nji mejlisine gatnaşdy

2021-nji ýylyň 11-nji martynda wideoaragatnaşyk arkaly Ulag boýunça türkmen-päkistan bilelikdäki iş toparynyň nobatdaky 3-nji mejlisi geçirildi.

Duşuşygyň barşynda, taraplar ulag babatynda gatnaşyklaryň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar we ikinji mejlis geçirilenden soňky döwürde ulag hem-de söwda ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar.

Mundan başga-da, taraplar, deňiz gatnawlary ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, Päkistanyň deňiz portlaryna gelýän ýükleri Türkmenistanyň üstünden Merkezi Aziýa we Kawkaz sebitindäki döwletlere daşamak mümkinçiliklerini, iki döwletiň deňiz portlarynyň arasynda özara tejribe alyşmak baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň soňunda taraplar ulag babatynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-päkistan iş toparynyň indiki, 4-nji mejlisiniň geçiriljek ýerini we anyk senesini diplomatik ýollar arkaly ylalaşmaly diýen netijä geldiler.