Serhetüsti ýük daşamalaryň üznüksizligini üpjün etmek boýunça maslahat

2021-nji ýylyň 12-nji martynda Serhetüsti ýük daşamalaryň üznüksizligini üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň we halkara guramalaryň wekilleriniň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň şeýle-de ulag ulgamynda iş alyp barýan döwlet agentlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri bilen bir hatarda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri hem gatnaşdylar. Şeýle hem duşuşyga BMG-niň degişli agentlikleriniň wekilleri hem gatnaşdy.

Duşuşyga gatnaşyjylar ulag hyzmatdaşlygyny berkitmek, şol sanda serhetden geçiş tertiplerini ýönekeýleşdirmek we sazlaşdyrmak bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar. Şeýle-de, şu ýylyň 19-njy we 22-nji fewraly aralygynda hünärmenler derejesinde geçirilen duşuşyklaryň netijeleri boýunça taýýarlanylan seljeriş resminama girizilen sanitar-epidemiologiki nukdaýnazaryndan howpsuz synag ulag-üstaşyr kerwenleriniň ýola goýulmagy, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işiniň kämilleşdirilmegi we ýurdumyzda ulag ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy baradaky maslahatlara garaldy.