“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi tarapyndan Hökümetara türkmen-rus toparynyň çäklerindäki söwda we maýa goýumlaryna goldaw bermek boýunça ýokary derejeli toparyň mejlisine gatnaşyldy

2021-nji ýylyň 25-nji martynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň çäklerindäki söwda we maýa goýumlaryna goldaw bermek boýunça ýokary derejeli toparyň 8-nji mejlisi geçirildi.

Mejlisde Deňiz we derýa ulaglary pudagy boýunça ýerine ýetirilen işler barada hem bellenilip, gämi gurluşygy pudagy boýunça “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody AGPJ bilen Russiýanyň “Birleşen gämi gurluşyk korporasiýasynyň” arasynda hyzmatdaşyk etmekligiň esasy ugurlary barada meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gämi gurluşygy boýunça hünärmenleri taýýarlamak, bu pudaga maýa goýum çekmekligiň mümkinçilikleri barada  hem  pikirler alşyldy. 

Mejlisiň ahyrynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň çäklerindäki söwda we maýa goýumlaryna goldaw bermek boýunça ýokary derejeli toparyň 8-nji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.