Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek boýunça duşuşyk

2021-nji ýylyň 7-nji aprelinde “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň “Lotos” ýörite ykdysady port zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyga gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda, Türkmenistandan Russiýa Federasiýasyna, Ýewropa ýurtlaryna, Günorta-Gündogar Aziýa, Hindistana we yzyna daşalýan harytlaryň görnüşi we mukdary, şeýle hem Türkmenistan we Astrahan oblasty arkaly üstaşyr ýük daşamagyň geljegi we logistika merkezini döretmek bilen bagly başga-da birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesinde goşmaça ýük gatnawyny döretmek maksady bilen Astrahan oblastynda Türkmenistanyň logistika merkezini açmaga özara gyzyklanma bildirdiler.