2021-nji ýylyň 21-nji aprelinde “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň “Birleşen gämi gurluşyk korporasiýasy” PJ-niň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň “Birleşen gämi gurluşyk korporasiýasy” PJ-niň arasynda gämi gurluşyk taslamalary durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlary hem-de maýa goýum çekmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň barşynda hususan-da, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň önümçilik meýdançasynda gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmek mümkinçiliklerine we türkmen gämi gurluşykçylarynyň hünär derejelerini ýokarlandyrmaga, ýaş hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berildi.