YHG-na agza ýurtlaryň deňiz-derýa edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 6-njy duşuşygy

2021-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde bu guramanyň agza ýurtlaryň deňiz-derýa edaralarynyň ýolbaşçylarynyň     6-njy duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi başlyklyk etdi.

Duşuşyk YHG-nyň agza ýurtlarynyň arasynda deňiz-derýa ulgamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga hem-de bu hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerine bagyşlandy.