Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň deňizderýaýollary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi

2021-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň deňizderýaýollary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirili, onuň dowamynda türkmen-eýran deňiz portlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de, häzirki wagtda Amirabad porty bilen Aktau portunyň arasynda ýük awtoulaglaryny daşaýan parom gatnawynyň ýola goýlandygyny belläp, Amirabad-Türkmenbaşy ugry boýunça hem parom gatnawyny ýola goýmagy eýran tarapy teklip etdi. Şeýle-de, eýran portunyň çägindäki ykdysadyýet erkin zolagynda maýa goýum goýmak arkaly terminal gurmaga isleg bildirýän türkmen kompaniýalary çagyryldy.  

Duşuşygyň çäklerinde Nowşahr, Anzali hem-de Amirabad portlarynyň başlyklary tarapyndan çykyş edilip, portlarynyň mümkinçilikleri barada giňişleýin gürrüň berildi, hem-de türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmeklige taýýardyklary barada habar berdiler.

Türkmen tarapy öz gezeginde Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri barada gysgaça gürrüň berdi. Şeýle-de, milli flotumyza üçin gurulmagy meýilleşdirilýän gämiler barada bellenip geçildi, hem-de gämi gurluşyk taslamalaryna eýran kompaniýalarynyň gatnaşmagyna çagyryldy. Şeýle-de, dünýäde häzirki wagtda konteýnerlerde ýük daşamaga islegleriň artandygyny nazarda tutup iki ýurdyň portlarynyň arasynda konteýner fider gatnawlaryny ýola goýmagy teklip etdi.