“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda iýun aýynyň 1-den dynç alyş guralýar

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyşy guramagyň wagtlaýyn Tertibe laýyklykda aşakdaky düzgünler berjaý edilmelidir.

Umumy düzgünler:

-Myhmanhanalarda dynç almak üçin raýatlar syýahatçylyk edaralaryndan ýa-da zolakda ýerleşýän myhmanhanalaryň degişliligi boýunça ministrlikleriň ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýerlu edaralaryndan alnan degişli myhmanhananyň ady, salgysy bellek edilen (bron dilen) ýollanmalary almaly.(1-nji surat)

-Raýatlar gitmezinden 10 gün öň ýollanmalaryny alanlaryndan soňra ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde kesgitleniln ýörite nokatlarda(saglyk öýlerinde) COVID-19-a garşy sanjym edilýär we Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekillerine dynç alyşa gidýän senesi barada bellik etdirýärler we şol ýerde zolaga girmek çäklendirilýän döwür üçin rugsatnama alýarlar.(2-nji surat)

-Dynç alyşa gitmek üçin, 18 ýaşdan uly raýatlardan COVID-19-a garşy sanjym edilendigi, lukmançylyk gözegçiliginden we soňky 72 sagadyň dwamynda COVID-19 test barlagyndan, şeýle hem 18 ýaşa çenli raýatlardan bolsa, soňky 72 sagadyň dowamyna COVID-19 test barlagyndan geçendigini tassyklaýan resminama talap edilýär.

Ýollanma hatyny almak üçin (+993243 2-07-46) telefon belgisine ýüz tutup bilersiňiz.

Goşmaça soraglar üçin (+993243 3-90-10) telefon belgisine ýüz tutup bilersiniz.