Halkara ulag geçelgelerinde serhet amallary ýeňilleşdirmek boýunça okuw maslahaty

2021-nji ýylyň 2-4-nji iýuny aralygynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň hünärmenleri ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri bilen bir hatarda Halkara ulag geçelgelerinde serhet amallary ýeňilleşdirmek boýunça okuw maslahatyna gatnaşdy.

ÝHHG-niň Türkmenistandaky Merkeziniň gurnamagynda geçirilen okuw maslahaty ýurdumyzyň çäginden geçýän ulag üstaşyr geçelgeleri üçin Logistika merkezini döretmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy.

Okuw maslahatynyň barşynda Lapis-Lazuli ulag üstaşyr geçelgesinde “Ýeke-täk Logistika Merkezini döretmek” boýunça Konsepsiýasynyň Taslamasy bilen tanyşdyryldy.

Şeýle-de, Lapis-Lazuli ulag üstaşyr geçelgesinde halkara ýük daşamalary we logistika amallaryna gatnaşyjy taraplaryň özara gatnaşyklary, ulag-üstaşyr amallarynyň sanly ulgama geçmek mümkinçilikleri we “Bir Penjire” ulgamyny ornaşdyrmak ýaly meselelere seredildi.