2021-nji ýylyň 31-nji maýy – 4-nji iýuny aralygynda Yslam Ösüş Banky hem-de Türkmenistanyň degişli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň arasynda göni wideo aragatnaşyk arkaly iş duşuşyklary geçirildi.
Geçirilen duşuşyklarda Yslam Ösüş Banky bilen Türkmenistanyň deňiz ulagy pudagyny ösdürmek taslamasyny amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle-de, duşuşyklaryň barşynda taslamanyň dürli tehniki we maliýe taraplary, şol sanda işiň gerimi, işleriň deslapky bahasy, durmuşa geçiriş mehanizmleri, satyn almalary, maliýeleşdirmegi, durmuş-ykdysady we daşky gurşawa ýetirýän täsirleri ýaly meseleler jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.