Bildiriş

"Türkmendeňizderýaýollary" agentligi, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa toplumynyň pudaklaryny ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna laýyklykda, potensial maýadarlaryň, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurulmagy meýilleşdirilýän dedweýti 5000 tonna bolan gury ýük gämisiniň gurluşygyna paýly gatnaşmak üçin deslapky ýüz tutmalaryň kabul edilýändigi barada Size habar berýär.

Has giňişleýin maglumat üçin aşakdaky aragatnaşyk maglumatlaryna ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris:

Telefon belgisi: +993 (243) 2-13-46, 2-38-43;

Faks: +993 (243) 2-62-51, 2-07-44;

E-mail: tmrl.otb@online.tm