Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sekretariaty bilen duşuşyk

2021-nji ýylyň 16-njy iýunynda ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sekretariaty bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşyk Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda (YHG) başlyklyk edýän döwürinde bu Guramanyň alyp barýan işleriniň netijelerine seretmek we geljekde öňümizde duran köptaraplaýyn çäreleri geçirmek bilen bagly soraglaryň toplumyny ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy.

Duşuşygyň barşynda YHG-niň alyp barýan işi, onuň gurluş düzümi we aýry-aýry düzüm birlikleriniň alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy.

Şeýle-de, duşuşykda YHG-niň çäklerinde Ulag we aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda YHG-niň Ulag we aragatnaşyk müdürliginiň başlygy çykyş etdi. Ol öz çykyşynda müdürýetiň alyp barýan işi bilen tanyşdyrdy. Şeýle-de, YHG-niň  çäklerinde ulag ulgamynyň aýry-aýry pudaklary, ýagny demir ýol, awtoulaglary, deňiz ulagy, howa ýollary we aragatnaşyk pudaklary boýunça alnyp barylýan işler, işlenip taýýarlanylan Taslamalar barada gysgaça gürrüň berdi.

Duşuşykda Türkmenistanyň degişli agentlikleriniň wekilleri hem çykyş etdiler.