Halkara deňiz guramasynyň agza döwletleriniň audit tertibi (IMSAS) boýunça okuw maslahaty

2021-nji ýylyň 21-25-nji iýuny aralygynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri Ýewropada deňiz howpsuzlygy Agentliginiň (EMSA) Halkara deňiz guramasynyň agza döwletleriniň audit tertibi (IMSAS) boýunça okuw maslahatyna gatnaşdy.

Okuw maslahaty hünärmenleri Halkara deňiz guramasynyň agza döwletleriniň audit tertibi bilen tanyşdyrmaga bagyşlandy.

Okuw maslahatynyň dowamynda halkara bilermenleri Halkara deňiz guramasynyň agza döwletleriniň audit tertibiniň (IMSAS) çäkleri we ýerine ýetirilişi barada giňişleýin düşündirdi. Şeýle-de, halkara kadalaryň we Konwensiýalaryň maksadyny, ulanylyşyny, ülňülerini kesgitlemek we gatnaşyjy ýurtlaryň jogapkärçiligi barada gürrüň berdi.

Şeýle-de, okuw maslahatynyň barşynda hünärmenlere Halkara deňiz guramasynyň (IMO) gurallaryny durmuşa geçirmek (III) Kodeksi, onuň umumy ugurlary we olary kesgitlemek, Kodeksiň aýry-aýry bölümleri barada düşünje berildi.

Şeýle-de, okuw maslahatynda halkara bilermeni gatnaşyjylara Halkara deňiz guramasynyň agza döwletleriniň audit tertibine laýyklykda auditi meýilleşdirmek, ony geçirmek, netijeleri boýunça hasabat taýýarlamak we ýüze çykarylan kemçilikleri aradan aýyrmak boýunça Meýilnamany düzmek, taýýarlanandan soňky ädimler barada gürrüň berdi.