“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşdy

2021-nji ýylyň 27-28-nji iýunynda Gyrgyzystan Respublikasynyň yokary derejeli wekiliyetiniň Türkmenistana bolan resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisine “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi öz sergi ekpozisiýasy bilen gatnaşdy.

Şeýle-de, Agentligiň wekilleri serginiň  çäklerinde Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerinde, maglumat tehnologiýa we ulag hyzmatlarynda ýetilen sepgitlere bagyşlanyp geçirilen foruma hem gatnaşdy.

Agentligiň sergi ekspozisiýasynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň sebitde ulag-üstaşyr geçelgelerinde möhüm orny, milli flotumyzyň tehniki binýadynyň ösdürilmeginde ýetilen sepgitleri we “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň mümkinçilikleri beýan edýän sergi stendler, wideofilmler we kitapçalar arkaly mahabatlandyryldy.