Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda halkara sergisi geçirildi

2021-nji ýylyň 6-7-nji awgusty aralygynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi geçirildi.

Sergide Merkezi Aziýa ýurtlarynda öndürilen önümlere we hyzmatlara bagyşlanan 49 sany sergi stendleri görkezildi. Şolardan 40 sanysy Türkmenistanyň dürli pudaklaryna we kompaniýalaryna, Merkezi Aziýa sebitiniň dört ýurdunyň her biri üçin bir milli pawilion degişli boldy. Özbegistan goşmaça 5 milli kompaniýanyň stendini hödürledi. Jemi 250-den gowrak eksponent sergä gatnaşdy.