2021-nji ýylyň 30-31-nji awgusty aralygynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň hünärmenleri ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri bilen bir hatarda Port dolandyrylyşy we deňiz logistikasy boýunça okuw maslahatyna gatnaşdy.
ÝHHG-niň Türkmenistandaky Merkeziniň gurnamagynda geçirilen okuw maslahaty porty netijeli dolandyrmak, ýükleriň yzygiderli daşalmagyny üpjün etmek, şeýle hem portlaryň işinde “ýaşyl ülňüleri” öňe sürmekde öňdebaryjy tejribäni paýlaşmaga gönükdirildi.
Okuw maslahatynyň barşynda gatnaşyjylar port kapitany gullugynyň guramaçylyk gurluşy, port toplumynyň daşky gurşaw howpsuzlygyny ulgamlaýyn dolandyrmak we nebitiň dökülmegine garşy göreş çärelerini durmuşa geçirmekde öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşdyryldy.