“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri Birleşen Arap Emirlikleriniň “DP World” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyga gatnaşdy

2021-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň “DP World” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Bu duşuşyga ýurdumyzyň degişli pudak edaralary bilen bir hatarda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri hem gatnaşdy.

Duşuşygyň maksady Türkmenistanda we sebitde deňiz, gury ýer hem-de demir ýollary arkaly ulag we logistika potensialynyň ösdürilmegi boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.