2021-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Türkmenistan Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlap “Garaşsyzlyk – bagtymyz” atly kitabyny türkmen halkyna peşgeş berdi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň bellenilýän günlerinde Mähriban Arkadagymyzyň bu kitaby bagtyýar halkymyz üçin toý sowgady boldy.
2021-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň we onuň garamagyndaky edaralaryň gatnaşmaklarynda “Ýüpek ýoly” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Arkadag Prezidentimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi.
Çäraniň dowamynda türkmen halkyny hemişe buýsançly günlere alyp barýan Mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, hemişe galamynyň ýiti bolmagyny arzuw etdiler.