Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly täze kitabynyň ХIII jildininiň tanyşdyryş dabarasy

 Hormatly Prezidentimiziň mizemez gujur-gaýraty,egsilmez yhlasy, ýiti paýhasy we syýasy  öňdengörüjiligi netijesunde ýakynda türkmen lukmanlarynyň hünär baýramçylygy mynasybetli hormatly Prezidentimiz özüniň galamynyň astyndan syzyp çykan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly täze kitabynyň ХIII jildini  bagtyýar halkymyza sowgat etdi.

Milli Liderimiziň bu kitaby dünýäniň ylymy jemgyýetçiliginde giň orun alan ajaýyp hazyna boldy.

Ynsan saglygy barada edilýän uly aladanyň ylymy esaslary, türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleri  mähriban Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri“ atly birnäçe jiltli kitaplarynda  aýratyn orun tutýar.

        Lukman Arkadagymyzyň ýiti paýhasyndan dörän ylymy kitaplarynda  türkmen topragynda ösýän dermanlyk otlardan taýýarlanylýan çaýlaryň 50-den gowrak görnüşleriniň   iş tejribesine ornaşdyrylandygyny buýsanç bilen bellemek gerek.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň we onuň garamagyndaky işgärleriniň gatnaşmagynda  “Beýik Ýüpek ýoly” myhmanhanasynda geçirilen tanyşdyryş çäresi Arkadagymyzyň peşgeş beren “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly täze kitabynyň ХIII jildine bagyşlandy. 

Täze neşiriň tanyşdyryş dabarasynda asyrlaryň dowamynda dürli keselleri bejermek üçin ulanylýan türkmen topragynda ösýän ösümlikleriň, melhemlik häsiýetleriniň halk lukmançylygynda gymmatly hazyna boljakdygy baradaky  çykyşlary bilen jemlendi.Çärä gatnaşyjylar çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň saglygy ugrunda alyp barýan beýik işleri üçin  Arkadag Prezidentimize päk ýürekden alkyş dilediler.