2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginde Türkmenistanda deňiz ulag ulgamyny ösdürmek taslamasy boýunça wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistanda deňiz ulag ulgamyny ösdürmek taslamasynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda taraplar Ro-Ro görnüşindäki iki parom we bir sany gury ýük gämisinden ybarat gämileriň gurluşygyny maliýeleşdirmek boýunça taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem taslama bilen baglanyşykly maliýe amallary we kanuny taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Taslamanyň 2022-nji ýylda Maliýe ylalaşygyna gol çekilenden soň başlanmagyna garaşylýar.