Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň 2019-njy ýylyň fewral aýynyň 01-daky 1111 belgili karary esasynda tassyklanan “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda, Pudagyň işgärleri üçin 2019-2025-nji ýyllarda ýaşaýyş jaýlaryny gurmaklyk maksat edilen.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny bellenen möhletde durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenbaşy şäherinde ýer bölegi bölünip berildi.
Şeýle hem, 07.10.2020-nji ýylda “Нейтральный Туркменистан” gazetinde bäsleşik yglan edilip, birnäçe kompaniýalar tarapyndan bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirildi we tender resminamalary gowşuryldy.
Goşmaça maglumat üçin +993(243) 2-13-46 telefon belgisine ýa-da tmrl.otb@online.tm elektron poçta ýüzlenip bilersiňiz.