“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek we ulag-kommunikasiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça türkmen-özbek işçi toparyň birinji duşuşygyna gatnaşdy

2021-nji ýylyň 18-nji noýabrynda ulag we üstaşyr ýük daşamalary ösdürmek meseleleri boýunça Türkmen-özbek işçi toparynyň  wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen birinji duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda özbek tarapy bilen ulag ulgamynda ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekligiň esasy ugurlary, multimodal geçelgeler boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da "Hytaý - Gyrgyzystan - Özbegistan - Türkmenistan - Azerbaýjan – Gruziýa - Türkiýe - Ýewropa" ýük geçirmeleri boýunça Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň port hyzmatlarynyň bahasyny kämilleşdirmek;

 "Türkmenistan-Özbegistan-Eýran-Oman" halkara ulag geçelgesi boýunça Aşgabat Ylalaşygynyň amaly aşyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmek,

"Hytaý - Merkezi Aziýa - Ýewropa" multimodal ulag koridorynyň doly işe girizilmegi üçin "Türkmenbaşy" portunyň infrastrukturasyny işjeň ulanmak ýaly birnäçe meseleler boýunça pikir alşyldy.

Duşuşygyň dowamynda üstaşyr geçýän ýükleriň geçirilmeginde ýeňillikleri bermeklik boýunça meselelere seredildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşy halkara deňiz porty tarapyndan üstaşyr ýüklere berilýän ýeňillikler barada tanyşdyryldy. Şunda Türkmenbaşy halkara deňiz portyny  logistika merkezi hökmünde ulanmaklyklygy göz öňünde tutmaklyk boýunça bellenildi.