"Türkmendeňizderaýollary" agentliginiň wekilleri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Işewürler maslahatyna gatnaşdy.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň IV işewürler forumy 2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistan Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, YHG-niň Söwda-senagat palatasy we YHG sekretariaty guradylar.

Işewürlik maslahatynda "Türkmendeňizderaýollary" agentliginiň başlygynyň orunbasary Annadurdy Kösaýew çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň ýerine ýetirýän işi we mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda 2018-nji ýylda täze Türkmenbaşy halkara deňiz porty gurlup ulanmaga berildi. Täze portuň taslamasyna laýyklykda 4 sany täze terminal guruldy, olar umumy ýükler terminaly, ýylda 400 müň konteýner kuwwaty bolan konteýner terminaly, ürgün ýükler terminaly, ýolagçy parom terminaly, şeýle hem bar bolan 2 sany terminal gaýtadan dikeldildi. Täze portuň umumy ýük geçirijilik kuwwaty nebit önümlerini hasaba almazdan ýylda 17 million tonna barabardyr.

Täze Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň işe girizilmegi bilen, şu ýylyň 10 aýynyň jemi boýunça, nebit önümlerini hasaba almazdan, portuň ýük dolanşygy geçen ýyl bilen deňeşdirilende 30,1 göterim ýokarlandy. 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, ösüş 82 göterim artyp, iki esse diýen ýaly köp boldy. Mundan başga-da, dünýäde konteýner gatnawyna islegiň artmagy bilen, Türkmenbaşy portunda hem konteýner bilen ýük gatnatmak ýylsaýyn ýokarlanýar. Şunuň bilen baglylykda, portlaryň arasynda yzygider konteýner gatnawynyň ýola goýulmagy bilen, deňiz portundan geçýän konteýnerleriň sany 2021-nji ýylyň 10 aýy üçin 323 göterim ýokarlandy, ýagny bu iki ýyl ozalky bilen deňeşdirilende üç esse köpdür.

Häzirki wagtda Türkmenbaşy halkara deňiz porty, Türkmenistanyň ulag pudagynda möhüm merkezleriň biri bolup, Ýewropa ýurtlaryna, ýakyn we Orta Gündogaryň bazarlaryna çykmak üçin geljegi uly mümkinçilikleri hödürleýär. Türkmenistanyň ulag ulgamyny bütindünýä ulag ulgamyna birikdirmek, şeýle hem Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlarda multimodal gatnawlary ösdürmek möhüm meseleleriň biri bolup durýar.

Esasy sebitleri birleşdirýän gatnawlaryň çatrygynda ýerleşýän Türkmenbaşy halkara deňiz porty Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda “deňiz derwezesi” bolup durýar.

Şol sebäpli Ýewropa-Kawkaz-Aziýa (TRACECA) halkara ulag geçelgesinde soňky ýyllarda deňize ýük daşamak mümkinçiliklerini ep-esli ýokarlandy we şonuň bilen birlikde ýurdumyzyň deňiz ulag ulgamynyň özüne çekijiligini ýokarlandyrdy. Hazarýaka portlarynyň arasynda daşalýan ýükleriň mukdary köpelýär we şeýlelik bilen ýurtlaryň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze tapgyryny üpjün edýär.

Golaýda Hazar deňziniň kenaryndaky uly göwrümli nebithimiýa desgalarynyň işe girizilmegi netijesinde ýylda 1 million tonna önüm öndürip bilýän Garabogazdaky karbamid zawody,  500 müň tonna çenli kuwwatlygy bolan Gyýanlakdaky polipropilen zawody we beýlekiler, ýurduň eksport mümkinçiligini ep-esli artdyrdy we şoňa görä-de deňiz ulagyna zerurlyk hem artdy.

Türkmenistanyň deňiz ulag pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, kämilleşdirmek we häzirki zaman deňiz söwda flotuny döretmek, şeýle hem deňiz ulagynyň halkara ulag ulgamynda tutýan ornuny ýokarlandyrmak maksady bilen milli taslamalar durmuşa geçirilýär.

Deňiz söwda flotunyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we ösdürmek maksady bilen, 2025-nji ýyla çenli milli maksatnama laýyklykda täze açylan "Balkan" gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodynda maýa goýumlaryny çekmek arkaly dürli görnüşli gämileri gurmaklyk  meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, "Türkmendeňizderaýollary" agentligi tarapyndan, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleri gämi gurluşyk kompaniýalary we maýadarlary bu ugurda hyzmatdaşlyk etmeklige çagyryldy.