Bitaraplyk baýramynyň şanyna bäsleşik

Ýakynda  “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň  Kärdeşler arkalaşygy hem-de Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde talyplaryň  gatnaşmagynda Türkmenistanyň Halkara  Bitaraplygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli  “Doganlyk ýollary dostluk ýollary” ady bilen bäsleşik geçirildi.

Bäsleşikde talyplar türkmeniň hem-de doganlyk halklarynyň milliligini açyp görkezýän däp-dessurlary, milli tanslary, aýdymlary türkmen we  daşary ýurt dillerinde ýerine ýetirdiler.

Bäsleşikde tapawutlanan talyplar “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň  Kärdeşler arkalaşygynyň  höweslendiriji baýrakly orunlaryna  hem-de Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň adyndan ýadygärlik sowgatlaryna we Hormat hatyna mynasyp boldular.

Bäsleşigiň dowamynda talyp ýaşlaryň  ýürekden çykýan buýsançly sözleri, Arkadag,  Watan, Halk hakyndaky aýdymlary mähriban Arkadagymyzyň, Türkmenistan  Watanymyzyň  Halkara Bitaraplyk  toýunyň şanyna belentden belent  ýaňlandy.