2021-nji ýylyň 16-njy dekabrynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri bilen Aziýa ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň başlygynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Geçirilen duşuşykda “Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa toplumynyň pudaklaryny ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna” laýyklykda, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi tarapyndan gurdurylmagy göz öňünde tutulýan gämileriň gurluşygyny maliýeleşdirmek boýunça meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.