“Kenar” nebit terminalyndaky iki sany gämi duralgasynyň durkuny täzelemek işleri barada maglumaty

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň fewral aýynyň 01-daky 1111 belgili karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda 2019-2021-nji ýyllarda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň çäginde ýerleşýän Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Kenar nebit terminalynyň 2 sany gämi duralgalarynyň durkuny täzelemek bellenilen.

Hormatly Prezidentimiziň maksatnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, gämi duralgalarynyň durkuny täzelemek boýunça tehniki tabşyrygy düzülip tassyklanan.