Ýurdy: Türkmenistan
Taslama: Türkmenistanyň deňiz ulag pudagyny ösdürmek
Pudak: Ulag
Maslahat beriş hyzmatlary: Taslamalary dolandyrmak boýunça maslahatçy
Maliýeleşdirmegiň usuly: Karzlaşdyrmak
Maliýeleşdirmegiň belgisi: TKM-1012
1. Türkmenistanyň deňiz ulag pudagyny ösdürmek taslamasyny karzlaşdyrmak üçin 135,25 million ABŞ-nyň dollary möçberinde karz serişdeleri Yslam Ösüş bankyndan alyndy, we alnan serişdeleriň bir bölegini maslahat beriş kompaniýalaryny çekmek üçin ulanmak meýilleşdirilýär.
2. Hyzmatlar, Taslamany meýilleşdirmekde we göwrümini kesgitlemekde Ýerine ýetiriji Edarasy bolan “Türkmendeňizderýaýollary” agentligine maslahat beriş goldawy bermegi, şol sanda gäminiň gurluşygy we suwa göýberiliş tapgyrynda taslamalaşdyrmak, satyn alyş, gözegçilik hyzmatlaryny, şeýle-de hünär maslahatyny, kömegini we goldawyny bermek arkaly taslamanyň soňraky, netijeli we üstünlikli durmuşa geçirilmegini öz içine alýar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi iki tapgyra bölüner: taýýarlyk, satyn alyş we gämi gurluşyk işlerine gözegçilik, şeýle hem 2022-nji ýylyň üçünji çärýeginde başlanmagyna garaşylýar. Birinji satyn alyş tapgyry on sekiz (18) aý dowam eder, ikinji gözegçilik tapgyry bolsa on iki (12) kepillik möhletini goşmak bilen otuz alty (36) aý dowam eder.
3. Giňişleýin Tehniki Tabşyryk (TT) şu gyzyklanma bildirmek üçin talaba goşulýar.
4. "Türkmendeňizderýaýollary" agentligi, talaplara laýyk gelýän maslahat beriş kompaniýalaryny ("Maslahatçylar") hyzmatlary bermäge gyzyklanma bildirýändigini beýan etmäge çagyrýar. Gyzyklanma bildirýän maslahatçylar hyzmatlary ýerine ýetirmäge doly ukyplydygyny görkezýän anyk maglumatlary bermelidirler (broşýuralar, şuňa meňzeş tabşyryklaryň beýany, şuňa meňzeş şertlerde tejribe, işgär düzüminde degişli tejribäniň bolmagy we ş.m.).
(i) Saýlamagyň ölçegleri, YÖB-niň islendik satyn alyş amallaryny, esasan hem YÖB-niň şertnamasynyň we satyn almalarynyň şertleri barada bilimi bilen tassyklanan, YÖB we beýleki HMG tarapyndan maliýeleşdirilýän birmeňzeş görnüşdäki we göwrümdäki taslamalarda uly tejribe bolup durýar. Mundan başga-da, maslahat beriş kompaniýasy ýerli taslamalaşdyryş we gurluşyk kanunlaryndan habarly bolmalydyr. Esasy hünärmenlerine saýlama tapgyrynda baha berilmez.
5. Gyzyklanýan dalaşgärlere Yslam Ösüş bankynyň Taslamany maliýeleşdirmegiň çäginde maslahat hyzmatlaryny satyn almak boýunça Gollanmasynyň (“Satyn alyş Gollanmasy”) 1.23 we 1.24 bentlerine seretmegi dykgatyna ýetirýäris. Ol ýerde gyzyklanma gapma-garşylyklary boýunça YÖB-niň syýasaty beýan edilýär we bu maglumatlary Bankyň web sahypasynda şu salgy arkaly tapyp bilersiňiz http://www.isdb.org.
6. Dalaşgärler kärlerini ýokarlandyrmak üçin beýleki kompaniýalar bilen birleşip bilerler, ýöne birleşigiň bilelikdäki kärhana we/ýa-da kömekçi maslahatçy görnüşdigini anyk görkezmeli. Saýlanan halatynda, bilelikdäki kärhanada, bilelikdäki kärhananyň ähli hyzmatdaşlary, tutuş şertnama üçin bilelikde jogapkärçilik çekýärler.
7. Dalaşgär, Satyn alyş Gollanmasynda görkezilen hil we baha boýunça saýlamak usulyna laýyklykda (QCBS) saýlanar.
8. Dalaşgär, iş wagty 09: 00-dan 18: 00-a çenli (ýerli wagt) aşakdaky salgy boýunça goşmaça maglumat alyp biler.
9. Gyzyklanma bildirişleri 31.05.2022-den gijä galman aşakdaky salga (elden ýa-da poçta ýa-da faks ýa-da elektron poçta arkaly) ýazmaça görnüşde berilmelidir.
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi
Halkara gatnaşyklar we şertnamalar bölümi
Tehniki ösüş we kadalaşdyryş bölümi
8 “A” Şagadam köç., 745000, Türkmenbaşy şäheri, Türkmenistan
Tel: +993 (243) 5-11-55 / +993 (243) 4-95-51 / +993 (243) 2-13-46
Faks: +993 (243) 2-07-81
Internet sahypa: www.tmrl.gov.tm