GYZYKLANMA BILDIRMEK ÜÇIN TALAP (TASLAMA MALIÝE AUDIT HYZMATLARY – ÝERLI KOMPANIÝANY SAÝLAMAK)

GYZYKLANMA BILDIRMEK ÜÇIN TALAP

(TASLAMA MALIÝE AUDIT HYZMATLARY – ÝERLI KOMPANIÝANY SAÝLAMAK)

Ýurdy:

Türkmenistan

Taslama:

Türkmenistanyň deňiz ulag pudagyny ösdürmek

Pudak:

Ulag

Maslahat beriş hyzmatlary:

Taslamanyň maliýe auditi

Maliýeleşdirmegiň usuly:

Karzlaşdyrmak

Maliýeleşdirmegiň belgisi:

TKM-1012

1.      Türkmenistanyň deňiz ulag pudagyny ösdürmek taslamasyny karzlaşdyrmak üçin 135,25 million ABŞ-nyň dollary möçberinde karz serişdeleri Yslam Ösüş bankyndan alyndy, we alnan serişdeleriň bir bölegini ýerli audit kompaniýalaryny çekmek üçin ulanmak meýilleşdirilýär.

2.      Hyzmatlar taslamanyň maliýe hasabatlarynyň auditini, döwürleýin audit hasabatlaryny taýýarlamagy, çykdajy hasabatyny we ähli çykdajy hasabatlaryny barlamagy we seljermegi, şeýle hem taslamanyň hasaplaryny ýapmazdan ozal taslama boýunça ahyrky barlagy öz içine alýar.

3.      Giňişleýin Tehniki Tabşyryk (TT) şu gyzyklanma bildirmek üçin talaba goşulýar.

4.      "Türkmendeňizderýaýollary" agentligi, talaplara laýyk gelýän ýerli audit kompaniýalaryny ("Ýerli audit kompaniýalary") hyzmatlary bermäge gyzyklanma bildirýändigini beýan etmäge çagyrýar. Gyzyklanma bildirýän ýerli audit kompaniýalary hyzmatlary ýerine ýetirmäge doly ukyplydygyny görkezýän anyk maglumatlary bermelidirler (broşýuralar, şuňa meňzeş tabşyryklaryň beýany, şuňa meňzeş şertlerde tejribe, işgär düzüminde degişli tejribäniň bolmagy we ş.m.).

(i)                 Saýlaw ölçegleri YÖB we beýleki HMG tarapyndan maliýeleşdirilýän birmeňzeş görnüşdäki we göwrümdäki taslamalarda uly tejribä we ýerli derejede ygtyýarlandyrylan, halkara tejribä eýe bolmagyna ýa-da dünýä belli we abraýly audit kompaniýalary bilen baglanyşyga esaslanmalydyr. Mundan başga-da, audit kompaniýasy ýerli audit kanunçylygyndan habarly bolmalydyr. Esasy hünärmenlerine saýlama tapgyrynda baha berilmez.

5.      Gyzyklanýan dalaşgärlere Yslam Ösüş bankynyň Taslamany maliýeleşdirmegiň çäginde maslahat hyzmatlaryny satyn almak boýunça Gollanmasynyň (“Satyn alyş Gollanmasy”) 1.23 we 1.24 bentlerine seretmegi dykgatyna ýetirýäris. Ol ýerde gyzyklanma gapma-garşylyklary boýunça YÖB-niň syýasaty beýan edilýär.

6.      Ýerli audit kompaniýalary kärlerini ýokarlandyrmak üçin beýleki kompaniýalar bilen birleşip bilerler, ýöne birleşigiň bilelikdäki kärhana we/ýa-da kömekçi maslahatçy görnüşdigini anyk görkezmeli. Saýlanan halatynda, bilelikdäki kärhanada, bilelikdäki kärhananyň ähli hyzmatdaşlary, tutuş şertnama üçin bilelikde jogapkärçilik çekýärler.

7.      Ýerli audit kompaniýasy Taslamanyň maliýe hasabatlaryna audit üçin gysga sanawa girizilen milli konsalting kompaniýalarynyň arasyndan satyn almak boýunça Gollanmasynda beýan edilen iň az çykdajy usulyny (LCS) ulanmak arkaly saýlanar.

8.      Dalaşgär, iş wagty 09: 00-dan 18: 00-a çenli (ýerli wagt) aşakdaky salgy boýunça goşmaça maglumat alyp biler.

9.      Gyzyklanma bildirişleri 06.06.2022-den gijä galman aşakdaky salga (elden ýa-da poçta ýa-da faks ýa-da elektron poçta arkaly) ýazmaça görnüşde berilmelidir.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi

Halkara gatnaşyklar we şertnamalar bölümi

Tehniki ösüş we kadalaşdyryş bölümi

8 “A” Şagadam köç., 745000, Türkmenbaşy şäheri, Türkmenistan

Tel: +993 (243) 5-11-55 / +993 (243) 4-95-51 / +993 (243) 2-13-46

Faks: +993 (243) 2-07-81

E-mail: tmrl.foreign_dept@online.tm

Internet sahypa: www.tmrl.gov.tm