2022-nji ýylyň 18-20-nji iýulynda paýtagtymyz Aşgabatda ulag we üstaşyr geçelgelerini ösdürmäge bagyşlanan halkara maslahaty geçiriler.
Forumyň maksady, pandemiýa döwründen soňra halkara ulag ulgamynyň dikeldilmegi we olaryň täze düzgünlere uýgunlaşmagy, ulag we üstaşyr geçelgeleriniň mundan beýläk-de ösdürilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet edaralary, iri logistika kompaniýalary, halkara guramalary tarapyndan hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat bolup durýar.
Halkara maslahata gatnaşmak we onuň dowamynda geçiriljek işewürlik maslahatlary halkara ulag pudagynda maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşmaga we uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegini gözden geçirmäge mümkinçilik berer.
Agentlik "Turkmendeňizderýaýollary"
Daşary ykdysady gatnaşyklar we logistika bölümi
Telefon: +993 (243) 4-95-51
Habarlaşmak üçin:
Daşary ykdysady gatnaşyklar we logistika bölüminiň baş hünärmeni
Molladurdyýew Döwran
Telefon: +993 63 077121
Email: molladurdyevdovran@gmail.com