"Türkmendeňizderýaýollary" agentliginiň wekilleri Şri-Lankanyň Portlar, deňiz gatnawy we awiasiýa ministrliginiň wekilleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdiler
2024-nji ýylyň 29-njy maýynda “Türkmendeňizdarýaýollary” agentliginiň we Şri-Lankanyň Portlar, deňiz gatnawy we awiasiýa ministrliginiň wekilleriniň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda deňiz ulag ulgamynda özarabäbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda meseleler ara alyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri we kuwwatlylygy barada gürrüň berdiler. Şri-Lankanyň wekilleri portuň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen ornaşdyrylan hem-de dürli hyzmatlary hödürleýän häzirki zaman bäş sany terminaly bilen tanyşdylar.