2025-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Sloweniýa Respublikasynyň Daşary we Ýewropa işleri ministrliginiň Döwlet sekretary Marko Ştusin bilen duşuşdy.Bu barada DIM-iň resmi saýty habar berýär.
Duşuşykda Türkmenistan bilen Sloweniýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibindäki meseleler, halkara guramalaryň çägindäki özara gatnaşyklar, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Soňra Türkmenistanyň we Sloweniýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.
Geňeşmeleriň dowamynda türkmen-slowen gatnaşyklaryny mundan beýläk hem pugtalandyrmagyň möhüm meseleleriniň toplumy jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň möhüm taraplary barada pikir alyşmalar geçirildi.
Söwda-ykdysady ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi. Bu babatda bilelikdäki iş üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň işini işjeňleşdirmegiň ähmiýeti nygtaldy.