Azerbaýjan bilen Türkmenistan Hazar deňzindäki portlar arkaly logistika hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär

2025-nji ýylyň 18-nji iýunynda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň we Azerbaýjanyň Halkara gatnaşyklary boýunça seljeriş merkeziniň bilelikde guramagynda 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň köpugurly hyzmatdaşlygy: gazanylan üstünlikler we geljekki mümkinçilikler” atly halkara ylmy-amaly simpozium geçirildi.

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ulag-logistika hyzmatdaşlygyny berkitmek maksady bilen Baku, Alýat we Türkmenbaşy portlarynyň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berýärler. Bu barada Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary forumyň açylyşynda belläp geçdi. Bu barada “Report.az” neşiri habar berdi.

Diplomat çykyşynyň dowamynda iki döwletiň arasynda umumy taryhy gymmatlyklara esaslanýan gatnaşyklaryň yzygiderli ösýändigini aýtdy. “9-njy iýunda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 33 ýyllygyny belläp geçdik. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz döwlet Baştutanlarynyň ýolbaşçylygynda we strategik hyzmatdaşlyk baradaky şertnama esasynda mundan beýläk-de pugtalandyrylýar” diýip, diplomat nygtady.

Şeýle hem ministriň orunbasary Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda umumy guryýer serhediniň ýoklugyna garamazdan, Hazar deňziniň iki döwleti baglanyşdyrýan esasy halkanyň wezipesini ýerine ýetirýändigini aýratyn belledi.

2024-nji ýylda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň özara haryt dolanyşygynda ep-esli ösüş gazanyldy we onuň möçberi ýokary görkezijilere eýe boldy.