Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýekşenbe güni Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi
Özbegistanyň Baştutany Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, ýurduň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, türkmen halkynyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen köpugurly işinde üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem dostlukly ýurduň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly tagallalaryna ýokary baha berip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler we arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň ýakyn goňşusy, ygtybarly hyzmatdaşy bolan doganlyk Özbegistan bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini belledi. Söhbetdeşler soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylyp, ugurlaryň giň gerimi boýunça üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen nygtadylar.
Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda iki ýurduň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda yzygiderli we netijeli dialog ýola goýuldy. Şunuň bilen birlikde, söhbetdeşler iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtadylar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewiň strategik häsiýetli türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandyny aýratyn nygtap, munuň üçin dostlukly ýurduň Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi.
Şeýle hem şol gün Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşliklerini geçirdi.