2025-nji ýylyň 16-njy iýulynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapary başlandy.
TDH-nyň maglumatyna görä, iki ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny resmi adamlar garşyladylar. Hormat garawuly nyzamly hatara düzülüp, howa menziliniň binasynyň ýokarsynda Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet baýdaklary galdyryldy.
Türkmen halkynyň Milli Liderini Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Ýagub Eýýubow, Daşary işler ministriniň orunbasary Samir Şarifow hem-de ýurduň resmi wekiliýetiniň beýleki agzalary garşyladylar.
Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 27-nji fewralynda ýola goýuldy.