Türkmenistanda Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna degişli Kenar nebit önümlerini saklaýyş we ýükleýiş kärhanasynyň täze nebit guýujy bekedi açyldy.
Desganyň ulanyşa berilmegine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde ak pata berdi. Şol gün täze beketde il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda ilkinji ýüküň nebit daşaýan gämä ýüklenmegi bilen açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Täze desgany sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow tanyşdyrdy. Nebit bekediň ýyllyk kuwwaty nebiti we nebit önümlerini ýüklemekde 2 million 60 müň tonna, ýükleri düşürmekde bolsa 1 million 150 müň tonna barabardygy bellenildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow täze desga arkaly “Türkmennebit” döwlet konserniniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak we pudaklaýyn infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreleriň dowam etdirilýändigini belledi. Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa nebitgaz pudagyna yzygiderli goldaw berýändikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutany täze önümçilik kuwwatlyklarynyň ýurduň eksport mümkinçiliklerini artdyrmakda we uglewodorod serişdeleriniň durnukly üpjünçiligini ýola goýmakda aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady.
Desganyň açylyş dabarasy döredijilik toparlarynyň gatnaşmagyndaky baýramçylyk çäreleri bilen dowam etdirildi.