Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Awaza Milli syýahatçylyk zolagynda 5–8 awgust aralygynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) gatnaşmak üçin sapar bilen Türkmenistana geler. Bu barada anna güni Guramanyň metbugat gullugy habar berdi.
Maslahatda deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň dünýä bazarlaryna goşulmagyny goldamagyň ähmiýeti, geografiki ýerleşiş bilen bagly meseleleri aradan aýyrmak we ilkinji nobatda emeli aň ýaly innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaklyga aýratyn ähmiýet berler.
Saparyň dowamynda BMG-niň Baş sekretar Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen, şeýle hem beýleki döwletleriň ýolbaşçylary we hökümet agzalary bilen iki taraplaýyn duşuşyklar geçirer.
Awazada geçiriljek LLDC3 maslahaty deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň öňünde duran meseleler we mümkinçilikler boýunça pikir alyşmak maksady bilen dünýäniň döwlet baştutanlaryny hem-de ösüş boýunça hyzmatdaşlaryny özünde jemläp, Türkmenistanyň sebitiň ýurtlarynyň özara hyzmatdaşlygyna we dünýä derejesindäki gepleşikleriniň ösdürilmegine möhüm goşant goşýandygyny görkezýär.
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça maslahaty her on ýylda bir gezek geçirilýär.