Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýekşenbe güni BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy. Antoniu Guterriş BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) gatnaşmak üçin sapar bilen Türkmenistana geldi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň ösüp barýan ýurtlaryň arasynda deňze çykalgasy bolmadyk döwletler boýunça üçünji maslahatyň Türkmenistanda geçirilmeginiň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmeginiň netijesi bolandygyny belledi. Ol munuň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bitaraplyk derejesine bildirilen ýokary ynamyň hem-de ýurdumyz tarapyndan dünýäde alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli we konstruktiw syýasatyň ykrar edilmeginiň subutnamasydygyny nygtady.
Antoniu Guterriş myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ösüşine bagyşlanan foruma gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Ol Türkmenistanyň ykdysadyýet we ulag ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda öňe sürýän başlangyçlaryna ýokary baha berdi.
Duşuşykda Awazada geçiriljek forumyň halkara hyzmatdaşlygynda, aýratyn hem ulag we söwda-ykdysady ugurlarda täze itergi berjekdigine ynam bildirildi.
Taraplar duşuşygyň ahyrynda Awazada geçiriljek maslahatyň hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşjakdygyna we durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.