«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy başlady diýip, TDH ýazýar.
Bu çäre Türkmenistanyň Mejlisi hem-de BMG-niň Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň müdiriýeti tarapyndan Parlamentara Bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda guraldy.
Hereketleriň Wena maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly gazanylan tejribäni paýlaşmak, şeýle hem parlamentarilere Hereketleriň Awaza Maksatnamasyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek üçin mümkinçilikleri döretmek, parlamentarileriň ýerli, milli we sebit derejelerinde alyp barýan syýasy işi arkaly Hereketleriň täze maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegini çaltlandyrmak maksady bilen, olaryň tejribe alyşmagyna ýardam bermek, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň parlamentleriniň öz kanunçykaryjylyk we beýleki işlerine Hereketleriň onýyllyk maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlaryny girizmegi üçin anyk çäreler babatda maslahatlary işläp taýýarlamak hem-de paýlaşmak forumyň esasy maksady bolup durýar.
DÇBÖBD-iň parlamentleri bu döwletleriň geografiýa taýdan ýerleşmegi bilen baglanyşykly, meseleleri çözmäge gönükdirilen Hereketleriň Awaza Maksatnamasyny durmuşa geçirmekde möhüm orny eýeleýärler. Kanun çykaryjy edaralar hökmünde parlamentler ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmäge, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we ykdysady durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam berýän milli kanunlaryň we syýasatlaryň kabul edilmegini hem-de ornaşdyrylmagyny üpjün edýärler.
Foruma deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň döwlet düzümleriniň hem-de parlamentleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşýarlar.