Şu ýylyň 4-8 awgusty aralygynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin BMG-niň Üçünji Maslahatynyň çäginde, “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän çäreler bilen baglylykda, Gazagystan Respublikasynyň Ulag ministri Nurlan Sauranbaýew 2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna saparda boldy.
Sapar wagty ministr “Balkan” gämi gurluşyk zawodynyň meýdançasy bilen tanyşdy we iki sany gury ýük daşaýan gäminiň gurluşygynyň gidişini, şeýle hem zawodda alnyp barylýan gämi abatlaýyş işleri bilen gyzyklanyp tanşyp çykdy. Ministr zawodda alnyp barylýan işleriň umumy gurluşy we guramaçylyk düzümi bilen hem tanyşdy.
Şeýle hem saparyň dowamynda ministr zawod ýolbaşçylary bilen gämi gurluşygy we abatlaýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini, şeýle-de dost-dogan iki ýurduň portlarynyň arasyndaky gatnaşyklary maslahatlaşdy.
Duşuşygyň ahyrynda ministr gämi gurujylara iň gowy arzuwlaryny aýtdy, häzirki gurluşyk taslamalarynyň üstünlikli tamamlanmagyny we “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň işgärlerine mundan beýläk hem üstünlikleri arzuw etdi.