Awazada BMG-niň üçünji maslahatynyň açylyş dabarasy geçirildi

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňe çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa ýurtlaryň Baştutanlary, hökümet wekilleri, halkara guramalaryň wekilleri hem-de BMG-niň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylary mähirli garşylap, dabaranyň açylyşynda çykyş etdi. Şeýle hem BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş we BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygy Filemon Ýang çykyş etdiler.

Forumda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde bu çäreleriň ähmiýeti bellenildi.

Maslahatyň çäklerinde ýokary derejeli tegelek stollar, duşuşyklar we forumlar geçirilýär.