Awstriýanyň wekiliýeti bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda duşuşyk geçirildi

7-nji awgustda, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde, Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we daşary işler boýunça Döwlet sekretariatynyň wekiliýeti bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşyk Türkmenistanyň port-logistika infrastrukturasyny we ulag ulgamyndaky ösüş mümkinçiliklerini halkara hyzmatdaşlarynyň arasynda tanyşdyrmak, şeýle hem hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen geçirildi.

Awstriýa wekiliýetine Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ösüş taryhy, häzirki zaman enjamlaşdyrylyşy, terminal bölümleri, gämileri kabul etmek mümkinçilikleri, konteýner hyzmatlary we portuň üsti bilen amala aşyrylýan multimodal ýük gatnawlary boýunça giňişleýin maglumat berildi. Myhmanlar portuň çäklerinde bolup, onuň tehniki mümkinçilikleri, dolandyryş ulgamy we hyzmat infrastrukturalary bilen ýerinde tanyşdylar.

Taraplar duşuşykda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen Ýewropa — Aziýa ugurlary boýunça halkara ýük gatnawlaryny giňeltmek, ulag geçelgeleriniň arabaglanyşygyny ýokarlandyrmak hem-de ulag-logistika ulgamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Awstriýa bilen Türkmenistanyň arasynda ulag we logistika pudagyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň, sanlylaşdyrma, ýaşyl energetika we durnukly transport ulgamlary ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygy bellenildi.

Taraplar bu duşuşygyň netijeli bolup, uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň ösmegine itergi berjekdigine ynam bildirdiler.