AIMGB Türkmenistany bankyň doly hukukly agzasy bolmaga çagyrýar

Awazada geçirilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde "Biznes Türkmenistan" internet neşiriniň habarçysy Aziýanyň infrastruktura maýa goýum bankynyň (AIIB) prezidenti, direktorlar geňeşiniň başlygy Szin Liçun bilen söhbetdeş boldy. AIMBG dürli sebitlerde infrastruktura taslamalaryny goldamak boýunça ýöriteleşen öňdebaryjy halkara maliýe guramalarynyň biridir.

Ilki bilen, ýurdumyz üçin uly ähmiýeti bolan bu çärede duşuşmaga we söhbetdeş bolmaga döredilen mümkinçilik üçin sag boluň. Bankyňyzyň sebitleýin we dünýä derejesindäki infrastruktura ösüşinde eýeleýän ornuny nähili häsiýetlendirip bilersiňiz?

— Türkmenistanyň Hökümetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň çakylygy boýunça bu möhüm çärä gatnaşmak meniň üçin uly hormat. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň (LLDC) ykdysady ösüşini öňe sürmek dünýä ykdysadyýeti üçin örän wajypdyr. Biziň wezipämiz infrastruktura hem-de beýleki öndürijilikli pudaklara maýa goýmak arkaly ykdysady we durmuş ösüşine giňden ýardam bermekden ybarat. Biz infrastruktura diýlende, diňe adaty desgalary — ýollar, demirýollar, howa menzilleri, deňiz portlary däl, eýsem häzirki zaman infrastruktura görnüşlerini, şol sanda sanly ulgamy — hemra ulgamyny, maglumat merkezlerini, aragatnaşyk ulgamyny hem göz öňünde tutýarys. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň dünýä we sebit ykdysadyýetine goşulyşmagy aýratyn möhümdir, şonuň üçin biz Günorta-Gündogar Aziýa, Merkezi Aziýa we Kawkaz döwletleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýäris. Türkmenistan bu işde möhüm hyzmatdaş bolup durýar.

Türkmenistandaky ösüşler sizde nähili täsir galdyrdy?

— Men ilkinji gezek Türkmenistana 20 ýyl mundan ozal Aziýanyň Ösüş Bankynyň (AÖB) wise-prezidenti bolup geldim. Şondan bäri ýurduň ykdysady we durmuş ösüşini üns bilen yzarlap gelýärin we ýetilen sepgitlerden örän täsirlenýärin. Türkmenistanyň Hökümeti halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasat alyp barýar, halk bolsa bu maksatlara ýetmek üçin yhlasly zähmet çekýär. Biz Türkmenistany AIMGB-niň düzüminde görmäge we bilelikde durnukly infrastruktura taslamalaryny ilerletmegiň üstünde işlemäge taýýardyrys.

AIMGB Merkezi Aziýada, mysal üçin, Almatyda halkalaýyn demir ýoluny maliýeleşdirdi. Türkmenistanda hem şunuň ýaly taslamalary maliýeleşdirmek meýilleşdirilýärmi?

— Biz resmi taýdan Türkmenistany AIMGB-niň doly hukukly agzasy bolmaga çagyrdyk we ýakyn wagtda agzalyk boýunça gepleşikleri başlamaga umyt edýäris. Mundan başga-da, biz Türkmenistan üçin geljekki taslamalary gözden geçirmäge hem taýýar, şeýlelikde bank agzalygy resmileşdirilenden soň olaryň amala aşyrylmagyna girişip bileris. AIMGB diňe ösüp barýan ýurtlar bilen däl, eýsem has ösen döwletler bilen hem hyzmatdaşlyk edýän halkara maliýe guramasydyr. Meselem, Saud Arabystan hem bankyň agzasydyr. Bank bilen hyzmatdaşlyk karz ukybynyň we ynamyň, şeýle hem ykdysady mümkinçilikleriniň ýokarydygyny görkezýär.

Türkmenistanyň AIMGB bilen hyzmatdaşlygynda haýsy ugurlaryň geljegi has uly diýip hasaplaýarsyňyz?

— Örän möhüm ugurlaryň biri — gündogar we günbatar sebitlerini, şeýle hem ýurduň demirgazygy we günortany birleşdirjek, goňşy döwletler bilen ulag geçelgelerini döretjek tiz hereketli demir ýol ulgamyny ösdürmekdir. Mundan başga-da, elektrik geçirijilerini ösdürmek, täzelenýän energetika, awtoulag ýol infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak we ulag-logistika geçelgelerini ösdürmek hem möhüm ugurlardyr. Bu esasy infrastruktura desgalary Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga we ykdysadyýetini pugtalandyrmaga ýardam eder.

— Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesine ýokary hormat goýýandygymyzy hem aýratyn nygtadyk. Ykdysady durnuklylygy we durnukly ösüşi berkitmekde bu derejäni pugtalamagyň iň gowy ýoludyr.