Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Palestinanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rana Abu Hijleh bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda ilçi özüniň hem-de ýurduň ýolbaşçylarynyň adyndan Palestinanyň halkyna berilýän ynsanperwer kömek üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna çuňňur minnetdarlyk bildirdi.
Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy boýunça pikir alyşdylar we ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassykladylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Palestinanyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydyklaryny nygtadylar hem-de ähli ugurlarda dialogyň dowam etdirilmeginiň ähmiýeti bellediler.
Türkmenistan bilen Palestinanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň aprel aýynyň 17-ne resmi taýdan ýola goýuldy.