2025-nji ýylyň 20-nji awgustynda Waşington şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Marko Rubio duşuşdylar.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de olaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol bir wagtda taraplary gyzyklandyrýan birnäçe mesele boýunça pikir alyşyldy.
Taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar. Bu hyzmatdaşlygyň diňe ikitaraplaýyn derejede däl-de, halkara guramalarynyň çägindäki bilelikdäki çärelerde-de netijeli häsiýete eýedigi bellenildi.
Şeýle-de, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli aragatnaşyklaryň zerurlygy bellenilip, olaryň netijeli görnüşleriniň biri hökmünde ýyllyk ikitaraplaýyn geňeşmeleriň orny aýratyn görkezildi.
Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm ugrunyň ykdysady hyzmatdaşlykdygy nygtaldy. Hususan-da, maýa goýum we tehnologiýa ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygy aýdylýar. Bu babatda Türkmen-Amerikan Işewürlik geňeşiniň ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Şeýle hem bilim, ylym, medeniýet we jemgyýetçilik ähmiýetli beýleki ugurlarda gatnaşyklary giňeltmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen yzygiderli aragatnaşyklary dowam etdirmek barada ylalaşdylar.