Şawkat Mirziýoýew üçtaraplaýyn sammite gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Bu barada Özbegistan Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenbaşy şäherindäki halkara howa menzilinde Özbegistanyň döwlet Baştutanyny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew we beýleki resmi wekiller garşyladylar.

Saparyň çäklerinde Şawkat Mirziýoýew “Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan” formatyndaky üçtaraplaýyn sammite gatnaşar hem-de birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew hem üçtaraplaýyn sammite gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi.