Türkmenistanyň we Hytaýyň gaznalarynyň arasynda Ähtnama gol çekildi

Ýurdumyzyň wekiliýetiniň HHR-e saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň başlygy hanym Li Biniň arasynda duşuşyk geçirildi. O.Atabaýewa Hytaýa gelmäge çakylyk, şeýle hem bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, geljek üçin anyk taslamalary ara alyp maslahatlaşmak, Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň işi bilen ýakyndan tanyşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdi.

Hanym Li Bin Oguljahan Atabaýewany Sun Sinlin adyndaky gaznanyň adyndan mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edendigi üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de şu gezekki saparyň gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar, şol sanda bilim we çagalaryň saglygyny goramak ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Sun Sinlin adyndaky gaznanyň başlygy hytaý we türkmen halklarynyň gadym döwürlerden bäri dostlukly gatnaşyklary saklap gelýändiklerini aýtdy we 2023-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň “Bir guşak, bir ýol” sammitine gatnaşmagynyň, hormatly Prezidentimiziň “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitlerine gatnaşmagynyň, olaryň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen geçiren duşuşyklarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki möhüm ähmiýetini aýratyn belledi.

Oguljahan Atabaýewa hanym Sun Sinliniň şahsyýet hökmünde ýerine ýetiren işleriniň özünde uly täsir galdyrýandygyny aýdyp, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ilerledilmeginiň, parahatçylygy saklamagyň türkmen hem-de hytaý halklaryna mahsus ýörelgelerdigini nygtady. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Hytaý Türkmenistanyň ýakyn hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ýurtlarymyz syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, iki gaznanyň hyzmatdaşlygy arkaly türkmen-hytaý ynsanperwer gatnaşyklaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirildi.

“Sun Sinlin adyndaky gazna halkara gatnaşyklary ilerletmekden başga-da, zenanlaryň we çagalaryň saglygyny goramaga aýratyn üns berýär, medeniýeti wagyz etmek, ylym-bilim gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýär. Bu ugurlaryň köpüsi biziň üçin hem örän möhümdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda gaznamyzyň alyp barýan işi adamyň saglygyny we ösüşini ileri tutup, munuň üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir” diýip, Oguljahan Atabaýewa aýtdy we şu ýylyň 29-njy martynda gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň geçirilendigini belledi. Bu maslahata hanym Şen Beiliniň ýolbaşçylygyndaky Sun Sinlin adyndaky gaznanyň wekiliýeti hem gatnaşdy. Forumyň dowamynda halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy, hususan-da, eneligi we çagalygy goramak ulgamynda özara hereketleri ösdürmek boýunça pikir alşyldy.

Hanym Li Bin bu halkara forumyň ähmiýetini nygtap, hytaý tarapyna türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Duşuşykda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işi hem-de onuň döredilen gününden bäri saglygy goraýyş, durmuş üpjünçiligi, ylym we bilim ulgamlarynda köp netijeli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilendigi barada bellenildi. Gazna lukmançylyk bejergisine mätäç, şeýle hem ene-atasynyň howandarlygyndan jyda düşen çagalara kömek bermäge aýratyn üns berýär. Çünki ösüp gelýän nesliň saglygy we abadançylygy baradaky alada durnukly geljegiň kepilidir. Oguljahan Atabaýewa gaznanyň öz işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegi maksat edinýändigini we tejribe alyşmaga gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, türkmen tarapynyň durmuş ugurly taslamalara seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Hanym Li Bin ýaş nesliň saglygyny goramaga, olara ýokary hilli inklýuziw bilim almak üçin mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalar arkaly iki gaznanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň jemgyýetde abadançylygy pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.